Hekaýamyz
Uzak ýyllaryň dowamynda ykdysady we sosial kynçylyklary başdan geçirip, dowam edip gelýän maşgala işi, esasy gymmatlyklary bolan uýgunlaşdyrylan ösüş we adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmak ugrundaky yhlas saklap gelýär. Başda kiçi bulka önümçiligi bolmak bilen, “Ugurly ýoda” 1600 inedördül metr önümçilik meýdanynda gurluşyk desgalaryna iýmit hyzmatyny hem hödürleýär. Şu günümizde iýmit hyzmaty kärhananyň 65-70% işini öz içine alýar.
Biziň syrymyz resept dälde, hoşniýetliligimizi, kiçigöwünliligimizi önümçiligimize siňdirmäge we müşderilerimize ýokary hilli önüm bermäge çalyşýanlygymyzdyr. Biz yhlas sözüniň sinonimy bolmak bilen, müşderi hyzmaty, adamlaryň zerurlyklaryna uýgunlaşmak we esasanam özümizde bar bolan iň gowy häsiýetlerimizi halkyň hyzmatyna hödürlemek isleýäris.